DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti, içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýewiň ýolbaşçylygynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli mejlisinde ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleri tanyşdyrdy.

2021–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň onýyllygynyň maksatlaryna ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanyň wekili ýol-ulag hadysalary sebäpli ýetýän zyýany azaltmakda döwletara ulgamlaýyn çemeleşmäniň ähmiýetini, şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), GDA ýurtlary we degişli sebit merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Esasy içerki çäreleriň hatarynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygy aýlygy, edaralaryň pudaklaýyn meýilnamalary, şeýle hem aprel aýynda kabul edilen we ýol hereketiniň kadalaryny bozýanlara administratiw jogapkärçiligi güýçlendirýän kanunçylyk üýtgetmeleri görkezildi.

Türkmenistan ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maksatlara ýetmek üçin milli we halkara derejelerde utgaşdyrylan tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Tramp Infantinony BMG-niň Baş sekretary wezipesinde görmek isleýär

Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine bellendi

Türkmenistan Hytaýda geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüldi