DÜNÝÄ

Gazagystanyň Ilçisi Bilen Geçirilen Duşuşyk

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapynyň adyndan Gazagystanyň Ilçisine özüniň jogapkärli diplomatik wezipesinde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirildi.

Related posts

Syýasatşynaslaryň we žurnalistlerıň gatnaşmagynda media-forum

Ata Watan Eserleri

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahat