HABARLARSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan “Bilelikde ýaşyl geljege!” atly eko-festiwala gatnaşmaga çagyrýar.

Çäre 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda sagat 16:00-dan 19:00-a çenli aralygynda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň dowamynda gatnaşyjylar üçin janly aýdym-sazlar, çagalar we ulular üçin gyzykly eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary hem-de çeperçilik boýunça ýörite ussatlyk sapaklary guralar.

Ekologik taýdan arassa gurşawy emele getirmek we durnukly sarp ediş medeniýetini goldamak maksady bilen, çärä geljek myhmanlardan özleri bilen plastik çüýşe ýa-da ulanmaýan, beýlekiler bilen çalşyp biljek köne egin-eşiklerini getirmekleri haýyş edilýär.

Çäräniň dowamynda işjeňlik görkezenlere “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Geçiriljek ýeri: “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi, blok “C”, 1-nji gat, “Bilelik Hub” döredijilik merkezi.

Habarlaşmak üçin telefon: +(993 64) 26-84-32

Resmi internet saýty: tebigatchy.co.tm

TikTok: @a.tebigatchy.jg

Instagram: yashtebigatchy

 

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy