SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Russiýa Federasiýasyndaky baş agenti aprel-maý aýlary üçin Kazan-Aşgabat ugry boýunça uçuşlara awiapletleriň bahasynyň arzanladylandygyny yglan etdi.

Häzirki wagtda Kazan bilen Aşgabat arasyndaky uçuşlar hepdede bäş gezek — duşenbe, sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.

Bahalaryň arzanladylmagynyň howa gatnawlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we bu ugurda ýolagçy islegini höweslendirmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

Awiapletleri howa ýolunyň Russiýa Federasiýasyndaky baş agentliginiň resmi saýtyndan, şeýle hem Moskwa, Sankt-Peterburg we Kazan şäherlerindäki agentligiň satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat uçar gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri