Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Ýyldyzlar size garaşylmadyk ýagdaýlary taýýarlaýar wakalar meýilleşdirişiňiz ýaly gitmez we käwagt kararlary örän çalt kabul etmeli bolarsyňyz. Käbir ýagdaýlar sizden adatdakydan has köp batyrlygy talap eder.Şeýle gem häzirki wagtda duýgularyňyza aýratyn üns beriň. Hut duýgularyň güýçlenmegi soňundan ötünç soramaly boljak sözlere ýa-da hereketlere sebäp bolup biler. Gahar-gazabyňyzyň geljekde durmuşyňyzda möhüm orun eýelejek adamlar bilen gatnaşyklaryňyzy bozmagyna ýol bermäň.
Ýakyn adamlaryňyza has köp üns beriň bu häzirki wagtda siziň peýdaňyza işlär.Pul we saglyk meselelerinde adaty seresaplylyk sizi gereksiz kynçylyklardan gorar. Umuman hepde erbet geçmez esasy zat duýgularyňyzy gözegçilikde saklamak we howlukmaly däl ýerlerde howlukmazlykdyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hepdäniň ilkinji günleri birneme kyn geçip biler ýöne hut şol günler size gymmatly sapak berer. Bu wagt täze bilimleri almak we durmuş tejribesini artdyrmak üçin amatly döwürdir. Käbir Sowurlar öňki garaýyşlaryny üýtgedip uzak wagtlap öz mümkinçiliklerine ýa-da töweregindäki adamlara ýeterlik baha bermändigine göz ýetirerler.Bu wagt asudalygy saklamak we duýgulardan däl-de, akyl-paýhasdan ugur almak möhümdir. Hepdäniň ortasy işlerde uly öňegidişlikleri wada berýär. Hatda garaşyşyňyzdan hem uly üstünlikler gazanylmagy mümkin. Munuň sebäbi diňe şowly ýagdaýlar däl, eýsem öň eden tagallalaryňyzyň netijesidir: bir wagtlar kömek eden adamlaryňyz indi size goldaw bererler we abraýyňyz bolsa peýdaňyza işlär.Hepdäniň ahyrynda ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Ownuk meseleleri uly dawa öwürmäň sabyrlylyk we garşy tarapa ädim etmek islegi hiç bir sebäpsiz dörejek dartgynlylygy aradan aýyrmaga kömek eder.Şeýle hem maliýe we saglyk meselelerinde paýhasly çemeleşseňiz, ýagdaý durnukly bolar. Häzir gyssagly we oýlanman kabul edilen kararlardan gaça durmak maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Wagtlaýyn kynçylyklar sebäpli ruhdan düşmäň. Bu gün size birnäçe ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlary getirip biler, ýöne meseleleriň köpüsi ilkinji gezekdäki ýaly kyn bolmaz. Esasy zat tutanýerlilik zähmetsöýerlikdir.Şeýle hem özüňiz we ýakynlaryňyz barada gyzykly açyşlar bolup biler. Könelişen pikirlerde ýapyşyp durmaň, sebäbi täze bilimler häzirki wagtda has peýdaly bolar.Umuman, hepde netijeli geçer: öň päsgelçilik bolan ýerlerde öňe gitmek we birnäçe aý bäri çözülmän gelen meseleleri tamamlamak mümkinçiligi dörär. Ýeke-täk şert dynç almagy ýatdan çykarmaly däl. Artykmaç ýadawlyk ähli tagallalaryňyzyň netijesini peseldip biler.Hepdäniň ahyrynda pul we şahsy durmuşda uly üýtgeşmeler garaşylmaýar. Diňe işleriňizi tertipli dowam etdiriň, netijeler özüni köp garaşdyrmaz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu hepde aragatnaşyk gurmak we täze tanyşlaryň sanyny artdyrmak üçin örän amatly bolar. Siziň joşgunyňyz başgalara hem täsir eder ynandyryjy sözleriňiz bolsa ozal hiç kimiň sizi diňlemeýändigi ýaly görünýän ýagdaýlarda hem täze ýaranlary we pikirdeşleri tapmaga kömek eder.Şeýle hem gepleşikler anyk ädimler ädilende peýda getirer. Öň bilelikde işlän adamlaryňyzdan kömek almak ähtimallygy ýokarydyr. Şeýle hem bir wagtlar ýüregiňizde aýratyn orun eýelän biriniň ýene-de durmuşyňyzda peýda bolmagy mümkin, köne duýgular täzeden güýçlenip biler.Maliýe ýagdaýyňyz kem-kemden aýdyňlaşar we durnuklaşar. Çykdajylar satyn alyşlar we maýa goýumlar bilen bagly meselelerde has düşnükli ýagdaý emele geler. Paýhasly çemeleşme gereksiz harçlamalardan gaça durmaga kömek eder.Hepdäniň ahyrynda tutanýerliligiňiz we içki güýjüňiz ähli päsgelçilikleri ýeňip geçmäge kömek eder we sizi arzuw edýän netijäňize garaşyşyňyzdan has ýakynlaşdyrar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün möhüm karary kabul etmezden öň, ähli zerur maglumatlary ýygnap ýagdaýy sowukganlylyk bilen seljeriň. Şeýle çemeleşme ýalňyşlyklardan gaça durmaga we ynanýan adamlaryňyz bilen gowy gatnaşyklary saklamaga kömek eder.Goldawyna hemişe ynanýan adamlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Jedelleriň sebäpleri çynlakaý bolup biler ýöne sabyr görkezseňiz hemmeleri kanagatlandyrjak ylalaşygy tapmak mümkin bolar.Maliýe meselelerinde aýratyn seresap boluň. Eger uly möçberdäki pul barada gürrüň gidýän bolsa karar kabul etmezden öň hünärmenler ýa-da ýakyn adamlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Şeýle hem şübheli tekliplerden we töwekgelçilikli başlangyçlardan daşda durmak maslahat berilýär.Umuman, hepde guramaçylyk işleri üçin amatly bolar. Siz işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny taparsyňyz we öz pikirleriňiz bilen töweregiňizdäki adamlary ruhlandyrarsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda ýolbaşçylar täsirli adamlar we uly ýaşly garyndaşlar bilen gatnaşyklaryňyz has-da gowulanar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Hepdäniň birinji ýarymy aýratyn şowly bolar. Köp meseleler garaşyşyňyzdan has çalt we aňsat çözüler. Töweregiňizdäki adamlar başlangyçlaryňyzy höwes bilen goldarlar käbir taslamalar bolsa umyt edişiňizden hem gowy netije berer.Dürli adamlara ýol tapmak başarnygyňyz başgalaryň ýeňip bilmejek ýaly görýän meselelerini hem çözmäge kömek eder. Şeýle hem hepdäniň ortalarynda täze tanyşlyklar we romantik duýgular ýüze çykmagy mümkin. Olar iş ýa-da hünär durmuşy bilen hem bagly bolup biler. Durmuşyňyz has gyzykly we täsirli bolar gyzykly söhbetler üçin mümkinçilikler köpeler.Bu hepde okuw we döredijilik işleri üçin hem örän amatlydyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ýyldyzlar käbir kynçylyklary getirip biler ýöne olar sizi maksadyňyza ýetmek ýolunda saklap bilmez. Gaýtam täze meýilnamalar we mümkinçilikler peýda bolup sizi täze ädimleri ädmäge ruhlandyrar.
Häzirki wagtda ownuk zatlara gaharlanmak we meýilnama boýunça gitmeýän ýagdaýlar üçin alada etmek aňsat bolar. Maliýe babatda käbir çäklendirmeler ýüze çykyp biler şonuň üçin çykdajylaryňyza täzeden seretmeli ýa-da wagtlaýyn käbir güýmenjelerden ýüz öwürmeli bolarsyňyz.Ýagdaýlar meýilnamalaryňyzy üýtgedýän bolsa, ruhdan düşmäň. Az salymdan bolup geçýän zatlaryň aslynda siziň peýdaňyza işleýändigine göz ýetirersiňiz. Häzir sabyrly bolmak we işleriň nähili tamamlanjakdygy barada howlukmaç netije çykarmamak möhümdir.Durmuşyňyzda möhüm özgerişleri etmek üçin mümkinçilik döreýär. Bu hem işNhem şahsy gatnaşyklar bilen bagly bolup biler. Täze zatlara tarap ädim ätmekden gorkmaň hatda bu biraz töwekgelçilikli ýaly görünse-de.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Hepdäniň başy ýeňil ýeňişler bilen begendirmezligi mümkin. Gijikmeler lapykeçlikler we özbaşdak çözmeli boljak ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ähtimal. Käbir duşuşyklar wagtyň biderek sarp edilmegine öwrüler käbir taslamalar bolsa öň pikir edişiňiz ýaly geljegi uly bolman biler.Esasy howp garaňky pikirleriň we bolup geçýän zatlardan nägile bolmagyň täsirine düşmekdir. Eger negatiw duýgulara ýol berseňiz bu ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy hem kynlaşdyryp biler. Oňyn garaýşy saklaň sebäbi häzirki wagtda köp zat siziň ruhy ýagdaýyňyza baglydyr.Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý gowy tarapa üýtgäp başlar. Täze mümkinçilikler açylar ilkinji kiçijik üstünlikler bolsa kyn başlangyçdan soň özüňize bolan ynamy täzeden dikeltmäge kömek eder.Hepdäniň ikinji ýarymynda köpden bäri meýilleşdirýän maksatlaryňyzy amala aşyrmaga has ýakynlaşarsyňyz. Esasanam maşgala dostluk we söýgi gatnaşyklarynda ýakymly özgerişler bolup biler uzak wagt bäri garaşýan mähir we düşünişmek artar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Iýunyň soňky günleri köp wakalara we üýtgeşmelere baý bolar. Ýagdaýlar adatdakydan has çalt özgerer şonuň üçin meýilnamalaryňyza düzediş girizmeli maksatlaryňyza ýetmek üçin täze ýollary gözlemeli bolarsyňyz.Öňki käbir pikirlerden ýüz öwürmek aňsat bolmaz ýöne ýagdaýlara paýhasly garamak lapykeçliklerden gaça durmaga we hakykatdan hem geljegi uly ugurlara üns bermäge kömek eder.
Sizi işjeň jemgyýetçilik durmuşy garaşýalryňyz gyzykly tanyşlyklar, peýdaly aragatnaşyklar we geljekde uly ähmiýete eýe boljak duşuşyklar bolar. Käbir iş gatnaşyklary wagtyň geçmegi bilen romantik gatnaşyklara öwrülmegi hem mümkin.Hepdäniň ahyrynda maliýe ýagdaýy amatly görünýär. Iş başarnygyňyz we duýgurlygyňyz girdejili şertnamalary baglaşmaga ýa-da täze girdeji çeşmelerini tapmaga kömek eder. Garaşylmadyk sowgatlar we pul girdejileri hem bolup biler. Iň möhümi öz içki duýgyňyza ynanyň we başgalaryň pikirini ýeke-täk dogry ýol hökmünde kabul etmäň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01
Bu hepde wakalara we üýtgeşmelere baý bolar esasanam hünär durmuşyňyzda möhüm özgertmeler bolup biler. Işde we hyzmatdaşlar bilen käbir gatnaşyklaryňyza täzeden garamaly bolarsyňyz we birnäçe gezek öz başarnygyňyzy ynamdarlygyňyzy subut etmeli bolarsyňyz. Emma bu siziň üçin adaty we üstünlikli ýerine ýetirip biljek işleriňizdendir.Maliýe duýgyňyz häzirki wagtda örän güýçli bolar. Şowly şertnamalar we dogry kabul edilen kararlar maddy ýagdaýyňyzy berkitmäge ýardam eder. Şeýle-de bolsa seresaplylygy elden bermäň.Dostlaryňyz we size oňyn energiýa berýän adamlar bilen has köp wagt geçirmek peýdaly bolar. Şeýle söhbetdeşlikler dünýägaraýşyňyzy giňelder we ýeke özüňiz görüp bilmejek täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.Siz guramaçylyk işlerinde uly üstünlik gazanarsyňyz we başarnykly ýolbaşçy hökmünde özüňizi görkezersiňiz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu döwür birneme düşünişiksiz geçip biler. Sizi käwagt bolsa hiç hili sebäp bolmazdan alada duýgusy gurşap biler. Ýanyňyzda duýgularyňyzy paýlaşyp boljek sizi kemsitmän diňlejek ynamdar adamyň bolmagy örän peýdaly bolar.Iş ýeriňizde keýp üýtgemeleri we işdeşler bilen düşünişmezlikler bolup biler: bir gün hemme zat gowy gidýän ýaly duýular, ertesi bolsa ownuk meseleler sebäpli jedeller ýüze çykyp biler. Şonuň üçin asuda yzygiderli hereket etmek örän möhümdir bu size köp güýji we wagty tygşytlar.
Maliýe meselelerinde paýhasly çemeleşme zerur. Gereksiz çykdajylardan gaça durup tygşytly bolmak bilen diňe bir durnukly ýagdaýy saklaman eýsem hepde ahyryna çenli maddy ýagdaýyňyzy güýçlendirmegi hem başararsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu döwür duýgy taýdan durnukly bolmagy talap eder esasanam duýgur adamlar üçin. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň bellikleri has agyr duýulmagy, goldawyň bolsa ýeterlik däl ýaly görünmegi mümkin, emma hakykatda ýagdaý beýle däl.Gatnaşyklara degişli kararlary gyssagly kabul etmäň. Häzir çynlakaý dawa ýaly görünýän ýagdaýlar hem az salymdan ylalaşyk tapyljak derejede ýeňilleşip biler. Hepdäniň ortalary söýgä örän baý bolup biler: täze tanyşlyklar ýa-da duýdansyz romantik duşuşyklar ýüze çykmagy mümkin. Diňe duýgulara doly berilmän azajyk paýhaslylyk saklamak geljekde göwn çökgünliklerden gorar.Umuman, bu hepde kynçylyklaryň arasynda hem gowy mümkinçilikler getirer esasanam iş we maliýe ugurlarynda. Siz öz başarnygyňyzy görkezmäge, gowy netije gazanmaga we maddy ýagdaýyňyzy kem-kemden gowulandyrmaga mümkinçilik taparsyňyz.
