JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar we Ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

Related posts

ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi 

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri