JEMGYÝET

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Täjigistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary, şeýle hem Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Duşuşygy açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň ýadro synaglarynyň geçirilmegini gadagan edýän berk halkara kadany emele getirendigini, döwletleriň arasynda ynam ýagdaýyny pugtalandyrandygyny hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşandygyny belledi.

M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalaryny yzygiderli goldaýandygyny, şeýle hem ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamyndaky başlangyçlary ilerletmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.

 

Öz gezeginde, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň ýadro ýaragsyzlanmagy we ýaýramagyň öňüni almak boýunça halkara gün tertibini ilerletmekdäki möhüm ornuny belläp, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamanyň ýadro ýaragyndan azat dünýäni döretmek ýolundaky halkara jemgyýetçiliginiň iň möhüm gazananlarynyň biri bolup galýandygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Şertnamanyň taryhy ähmiýetini we halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny berkitmekdäki möhüm ornuny nygtadylar. Geçen üç onýyllygyň dowamynda Şertnamanyň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça halkara binýadynyň esasy bölekleriniň birine öwrülendigi we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak düzgüniniň pugtalandyrylmagyna ýardam edendigi bellenildi.

 

Şu nukdaýnazardan, doktor R. Floýd Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň ähmiýetini belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda Şertnamanyň maksatlaryny we ýörelgelerini mundan beýläk-de ilerletmek, ýaragsyzlanmak ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle hem Şertnamanyň mümkin boldugyça tiz güýje girmeginiň möhümdigi baradaky halkara jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Taraplar ählumumy we sebit derejelerinde durnukly parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi