Ýene-de 11 günden futbol janköýerleriniň uyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan 4 ýylda bir gezek geçirilýän futbolboýunça dünýä çempionatyna badalga berler. Ilkinji gezek 3 döwletde hem-de 48 döwletiň gatnaşmagynda geçirilýän dünýä çempionaty ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.
11-nji iýun we 19-njy iýul aralygynda geçirilýän dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda dünýä çempionaty barada gyzykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Dünýä çempionatynyň taryhynda iň köp kart alan futbolçy – Maskerano
Dünýä çempionatynyň taryhynda iň köp kart alan oýunçy, argentinaly Hawier Maskeranodyr. Maskerano gatnaşan 4 Dünýä çempionatynda 20 duşuşykda oýnady we 7 sary kart aldy. Kubokda gyzyl kart görmedik argentinaly futbolçy, 2006-njy, 2010-njy we 2018-nji ýyllarda iki-ikiden, 2014-nji ýylda bolsa bir gezek sary kart bilen jerime aldy.
Zidan, Markes we Kafu
Fransiýaly Zinedin Zidan, meksikaly Rafael Markes we braziliýaly Kafu bolsa 6 sany kartlary bilen bu ugurda Maskerodanda soňra barýar.
Zidan 12 oýunda 4 sary, 2 gyzyl; Markez 19 oýunda 5 sary, 1 gyzyl; Kafu hem 20 oýunda 6 sary kart aldy. Kamerunly Rigobert Song, argentinaly Diego Armando Maradona we awstraliýaly Tim Kahil bolsa 5 kart bilen bu oýunçylaryň yzyndan geldi.
Iň çalt gyzyl kart
Çempionatyň taryhynda iň çalt gyzyl karty urugwaýly Sergio Batista aldy. Batista, Meksikada 1986-njy ýyldaky çempionatda Şotlandiýa garşy oýnuň heniz 56-njy sekundynda gyzyl kart bilen jerime aldy we Dünýä çempionatynyň iň çalt gyzyl kart alan oýunçysy hökmünde taryha girdi.
Gyzyl kart gören ilkinji derwezeçi Žanluka Palýuka
Çempionatda gyzyl kart alan ilkinji derwezeçi, 1994-nji ýyldaky dünýä çempionatynda italiýaly Žanluka Palýuka boldy. Palýuka Norwegiýa bilen oýnalan duşuşygyň 21-nji minutynda gyzyl kart alyp, oýundan çykaryldy. Italiýanyň ýygyndysy 10 adam bolup galandyklaryna garamazdan, Dino Badžonyň 69-njy minutda geçiren goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
