JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň we Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy.

Iş saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, bu çäräniň  üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna çuňňur hormat goýýandygyny we ýokary baha berýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, şol sanda onuň Parlamentara Assambleýasynyň işine uly üns we yzygiderli goldaw berýändigini belledi.

Şeýle hem taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli ösdürilýändigi we döwletara gatnaşyklaryň parlamentler derejesinde yzygiderli goldanylýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkony ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistana geldi

Belarusyň Premýer-ministri Aşgabada geldi

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler