JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen dünýä we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň ilerlemegi ugrunda energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada belledi.

Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýän ygtybarly meýdança bolup, bu gurama gatnaşyjy döwletleriň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan netijeli dialogyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyň diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmekde açyk meýdança bolup durýandygyny belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen meseleleriň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, Arkalaşyga döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistana geldi

Belarusyň Premýer-ministri Aşgabada geldi

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler