Türkmenistan Bakuda geçirilýän WUF13 forumynyň şäher gurluşygy we şäherleşme ulgamyndaky başlangyçlary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar.
“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow WUF13-iň çäklerindäki Liderleriň sammitinde eden çykyşynda bildirdi.
“Azerbaýjanyň Hökümetiniň goldamagynda BMG-niň Adam we ilatly nokatlar baradaky maksatnamasy (UN-Habitat) tarapyndan guralan durnukly şäherleşme boýunça öňdebaryjy global konferensiýa bolan Şäherleriň Bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisiniň başlanmagy bilen gutlaýarys. Foruma üstünlikli iş arzuw edýäris. Şu günki günde şäherler çalt ösýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy merkezleridir. Olaryň ösüşiniň esasy şertleriniň biri hem şäherleşmedir. Ol şäherlere adamlary, giňişligi we tehnologiýalary birleşdirýän çylşyrymly ulgam hökmünde garaýar. Şäherleşme arhitektura, şäher gurluşygy, sosiologiýa, ykdysadyýet, ekologiýa we geografiýa ýaly dürli ugurlardan alnan bilimleri özünde jemleýär. Umuman aýdanyňda, bu häzirki zaman dünýäsiniň esasy wezipeleriniň biridir” diýip, ol belledi.

Orazow şäherleriň durnukly ösüşini ekologiýa çemeleşmesiz we global wezipeleri çözmezden göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýratyn nygtady.
Şeýle hem ol Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliyewe görkezen däp bolan myhmansöýerligi we mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Mundan başga-da, Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ýakynda tamamlanandygyna garamazdan, eýýäm özüni “akylly, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz şäher” hökmünde tanadandygyny aýtdy.
“Täze häzirki zaman şäherini döretmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir, ol şäheriň guruljak ýerini saýlamak boýunça giň gerimli seljeriş işlerini geçirdi. Onuň ýolbaşçylygynda çägiň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, şäheriň baş meýilnamasy işlenip düzüldi. Taslama düzülende tebigy-howa şertleri, şemalyň ugry, seýmiki işjeňlik, inženerçilik infrastrukturasynyň we ýaşyl zolaklaryň bolmagy — sebitiň ekologiýa durnuklylygyny saklamaga ýardam edýän ähli şertler hasaba alyndy. Gurluşykda ‘howpsuz, ýaşyl we akylly şäher’ konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge aratyn üns berildi.
“Akylly şäher” konsepsiýasy şäher gulluklaryny dolandyrmagyň bitewi ulgamyny emele getirýän we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýan häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagyna esaslanýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Forumyň Liderler sammitine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bir hatarda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Bolgariýanyň Prezidenti, Mawrikaýnyň Prezidenti, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Eswatininiň Patyşasy we başga-da köp sanly ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.
