PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda 5 etrabyň kazyýet edara binalary üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň buýurmagynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe, Görogly, Lebap welaýatynyň Farap, Halaç, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetleriniň edara binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.

Related posts

Näme üçin banan çalt garalýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Ata Watan Eserleri