JEMGYÝET

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki “KazanExpo” halkara sergi merkezinde “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Kazan Halal Market” sergisi öz işine başlady. Bu halkara sergä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu çäre «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerindäki ilkinji resmi çäreleriň biridir.

Rustam Minnihanow şu günki günde halalyň diňe bir iýmit däl-de, eýsem bütin dünýäde millionlarça adamy birleşdirýän, çuňňur ruhy we medeni gymmatlyklary özünde jemleýän tutuş bir durmuş filosofiýasydygyny nygtady.

Şu ýyl bu çärä Russiýanyň 11 sebitinden we 9 sany daşary ýurtdan 100-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem bolmagy guwandyryjydyr.

Ýene-de okaň

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker