JEMGYÝET

Bangladeşde 201 gümmezli metjit gurlar

Bangladeşiň Tangaýl etrabynda uly metjidiň gurluşygy tamamlanýar.

Dakkhin Pathaliýa obasynda gurulýan metjidiň aýratynlygy, onuň 201 sany gümmeziniň bolmagydyr. Metjidi Bangladeş bankynyň işgärler federasiýasynyň öňki prezidenti Rafikul Yslam başlapdy. Munuň sebäbi obadaky metjide ýaşaýjylaryň sygmaýandygy bolupdyr. Obanyň ýaşaýjylary bu karary goldapdyr. Gurluşyk 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda başlap, ilkinji kerpiç Rafikul Yslamyň ejesi Riziýa Hatyn tarapyndan goýulýar. Häzirki wagta çenli gurluşyk işleriniň 75 göterimi tamamlandy.

«Dünýäde köp owadan we uly metjitler bar, emma biziň metjidimiziň esasy aýratynlygy 201 sany gümmeziň bolmagydyr. Bilşimiz ýaly dünýäniň hiç bir metjidinde gümmezler beýle kän däl» diýip, Rafikul Yslamyň dogany Abdul Kadyr aýtdy. Gurlup gutarylsa, Dakkhin Pathaliýa metjidi bir gezekde 15 müň adamy kabul edip biler.

 

“Azerbaýjan “ paromynyň Türkmenistana ilkinji gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady