SPORT

Ýene bir futbol ýyldyzy süýndi

«Mançester Ýunaýtediň» öňki kapitany Antonio Walensiýa futbol bilen hoşlaşjakdygyny mälim etdi.

«Old Traffordda» başdan geçirenlerimi hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Maksatlar, kuboklar we janköýerler hiç haçan ýatdan çykarylmaz. Bu gün ýakyn wagtda geler öýdemokdym, ýöne synam menden bu karary bermegimi haýyş etdi. Futbol karýeramyň tamamlanandygyny yglan edýärin. Işimiň we durmuşymyň bir bölegine öwrülenlere sagbolsun aýdýaryn» diýip, 35 ýaşly goragçy öz «Instagram» sahypasynda ýazdy.

Walensiýa «Mançester Ýunaýtedde» 2009-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli oýnady we topar bilen iki gezek APL-da, bir gezek Angliýanyň kubogynda, Liga kubogynda we Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Ol Ekwadoryň milli ýygyndysynda 99 duşuşyga gatnaşdy.

 

Teatr bäsleşiginiň çäklerinde görkeziljek sahna oýunlary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar