SPORT

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Futbol boýunça milli ýygyndy toparlaryň derejesinde FIFA tarapyndan geçirilýän dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ýygynda gowşurylan ajaýyp kubok we onuň nusgalary Italiýada öndürilýär.

Italiýada ýörite önümçilik desgasynda öndürilýän bu kubok uly ähmiýete eýedir. Tükriýäniň “Anadoly” habarlar agentliginiň habarçylary dünýä kubogyny öndürýän zawodyň direktory Walentina Losa bilen gürrüňdeş boldy.

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisine gowşurylýan kubogyň beýikligi 38 santimetr, agramy 6,2 kilogram bolup, ol 18 karat altyndan ybaratdyr.

Losa bu kubogyň ilkinji gezek 1973-nji ýylda tasmalaşdyrylyp, 1974-nji ýylda Germaniýanyň gurnan dünýä çempionatynda bu kubok gowşuryldy.

– Kubokda zeper ýa-da tegmil bar bolsa, ony dikeltmek üçin düýpli abatlaýarys. Ýeňiji topar kubogyň altyn asyl nusgasyny alman, ady bilen altyn bürünç garyndysyndan ýasalan bir nusgany alýar – diýip, Losa belläp geçdi.

Walentina Losa Katardaky dünýä çempionaty üçin kubogyň taýýardygyny, 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň kubogynyň nusgasyny taýýarlaýandyklaryny belledi.

Related posts

Angliýanyň kubogynyň finaly: ilkinji “Mançester” derbisi

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment