JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeriniň — paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.

Welosiped sporty hem-de welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik wagtynda arassa howada wagtyňy hoş geçirmäge amatly şertleri döredýär.

Welosiped sürmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.

Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar