MEDENIÝET

Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Sergide Hytaý Halk Respublikasynyň günorta-gündogaryndaky Fuszýan sebitiniň Dehua uýezdiniň 100-e golaý ak farfor önümleri hem-de at esbaplary aýratyn orun eýeledi. Medeni çäräniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döredijilik, sungat işgärleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli muzeýiniň wekilleri, medeni mirasyň gymmatlyklaryny toplaýjylar gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Hytaýyň ak farfor önümçiligi durmuş zerurlyklaryny sungat bilen utgaşdyran özboluşly döredijilik çemeleşmesi bolup durýar. Ak farfor önümçiliginde şekili emele getirilen keramika önümleri, gap-gaçlar ýokary gyzgynlyk derejesinde bişirilýär. Munuň özi olaryň berkligini we aýna ýaly ýaldyramagyny üpjün edýär. Olaryň käbiri dürli reňklerde şekilleriň emele getirilmegi bilen hem bezelýär.

Sergide adam, tebigat gözellikleri şöhlelendirilen farfor önümlerini synlamak bolýar. Şolaryň her biri hytaý halkynyň dünýä beren iň gadymy sungatlarynyň biri bolan farfor önümçiliginiň taryhy we özboluşly aýratynlyklary barada bu ýere gelýänleri giňişleýin tanyşdyrýar.

Sergide 40 töweregi gymmatlyk Hytaýyň atşynaslyk sungatynyň we degişli senetçiliginiň ösüş ýolundan habar berýär.

Hytaýyň muzeý işgärleri ýurdumyza saparynyň dowamynda “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda, Türkmen halysynyň milli muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldular.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi