DÜNÝÄ

Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň täze Prezidenti boldy

Koreýa Respublikasynda prezident saýlawlary tamamlandy. Onuň netijesi boýunça “Toburo” demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Çže Mýon sesleriň 49.4 göterimini eýeläp, ýurduň nobatdaky döwlet baştutanlygyna saýlandy. Bu barada Koreýanyň saýlaw topary habar berdi.

Li Çže Mýonyň saýlawlardaky esasy garşydaşy Kim mun Su sesleriň 41.1 göterimine eýe boldy.

Ýurduň täze saýlanan Prezidenti Li Çže Mýon resmi taýdan wezipesine girişdi. Saýlanan gününiň ertesi wezipesine girişen täze Prezident koreý halkyny birleşdirip, milli ykdysadyýeti has-da ösdürmek ugurnda tagalla etjekdigini belledi. Şeýle hem ol milli bähbitleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlyga ýugrulan diplomatiýany alyp barjakdygyny mälim etdi.

Täze Prezident saýlanmazdan ozal, saýlawçylar bilen geçiren duşuşygynda ýurduň paýtagtyny Seul şäherinde Sejon şäherine göçürmek babatdaky başlangyç bilen çykyş edipdi. Şeýle hem ol döwlet baştutanlygyna saýlanan halatynda ilkinji wezipeleriniň biriniň ýurduň ykdysadyýetini has-da ösdürmekden ybarat boljakdygyny mälim edipdi.

Günorta Koreýada geçirilen 21-nji prezident saýlawlaryna saýlawçylaryň 79.4 göterimi gatnaşdy. Bu hem soňky 28 ýyldaky rekord görkeziji boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary