SPORT

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Fransiýanyň “PSŽ” toparyna ýeňlen Italiýanyň “Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Tälimçiniň wezipesinden gitmegi özara ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda gazanyldy. Habar berlişine görä, Indzaginiň ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň tälimçisi bolmagyna garaşylýar.

– Indzagä topary ýokary derejelere çykarmak ugrunda amala aşyran işleri üçin minnetdardyryn. Biziň aramyzda aç-açan gepleşikler geçirilip, degişli karar kabul edildi – diýip, “Inter” toparynyň ýolbaşçysy Juzeppe Marotta belledi.

49 ýaşyndaky Indzagi 2021-nji ýylda bu toparyň tälimçisi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda “Inter” topary 3 gezek Italiýanyň Superkubogyny we 2 gezek Italiýanyň kubogyny gazandy. Şeýle hem topar 2024-nji ýylda Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle hem topary 2 gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy.

Indzagi mundan ozal, “Lasio” toparyna tälim beripdi.

Tamamlanan möwsümde “Inter” topary çempionatda 2-nji orny eýeledi. Italiýanyň Kubogynyň ýarym finalynda “Milan” toparyndan ýeňildi. Çempionlar ligasynyň finalynda bolsa, “PSŽ” toparyndan 5:0-lyk uly hasap bilen utuldy.

Related posts

Çempionlar ligasynyň bijeleri: Messi bilen Ronaldo bir toparda

Ahal» topary «Al-Ain» toparyny kabul eder

Türkmen emini Aziýada “Ýylyň iň gowy emini” boldy

Ata Watan Eserleri