JEMGYÝET

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Şeýle hem Malaýziýanyň iri energetika kompaniýasy bolan “PETRONAS” kompaniýasy bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolandygyna uly kanagatlanma bildirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çekiljekdigi bellenildi.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany duşuşykda soňra beren beýanatynda Türkmenistanyň iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz käni boýunça hem öz tekliplerini bermäge taýýarlyk görýändiklerini belläp geçdi.

Related posts

Türkmenistan, Gazagystan we &Özbegistan üç;taraplaýyn resminama gol çekdiler

vepa

Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri