BIZNES

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” ykdysady forumynda üstünliklerini tanyşdyrar

2026-njy 14-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki “KazanExpo” halkara sergi merkezinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII Halkara ykdysady forumyna gatnaşar.

Bu iri halkara çäre Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän abraýly meýdança hökmünde giňden ykrar edilýär.

“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde söwda, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, sanly tehnologiýalar, saglyk, gurluşyk, dokma, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça maslahatlar hem-de iş duşuşyklary geçiriler. Bu bolsa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň ýol açýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” atly sergide Türkmenistanyň Milli pawilýony görkeziler. Milli pawilýony ýokary derejesinde taýýarlamak we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak boýunça jogapkärçilik Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertlerini halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem bu çäre täze hyzmatdaşlyga, söwda dolanyşygynyň artmagyna hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň giňelmegine uly itergi berer.

Related posts

Bakan Arslan Türkmenistan’da Küresel Sürdürebilir Ulaştırma Konferansında Konuştu

vepa

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz ibermekde birinjiligi eýeleýär

Türkmenistanda düşek önümçiligi ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri