Bu gün size üstünlikler garaşýar, aýratyn-da howlukman hereket etseňiz. Işewür gepleşikleri we geljekki bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy yza süýşürmek has gowudyr ýogsam düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy we öňki gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi mümkin. Eger siz öz hususy biznesiňizi ösdürmek bilen meşgullanýan bolsaňyz, şahsy we iş bähbitleriňizi garyşdyrmaň, ýogsam kyn ýagdaýa düşmek töwekgelçili bar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen ujypsyz agzalalyklaryň bolmagy hem mümkin. Emma dörän meseleleri asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşsaňyz, ylalaşyk gazanyp bilersiňiz.Agşam özüňize dynç almaga rugsat beriň şonda dartgynlylygyň nähili aýrylýandygyny duýarsyňyz.
Näme bilen meşgullansaňyz hem, howlukmaň we ownuk jikme-jikliklere has köp üns bermäge çalyşyň. Bu aýratyn-da işde möhüm bolar. Iş sizden seresaplylygy talap eder we hut siziň ähli ownuk-uşak zatlary hasaba alyp bilmegiňiz, hatda ujypsyzja ýalňyşlyklary hem wagtynda görüp, düzedip bilmegiňiz üstünligiň açary bolar.Şeýle hem işewür gepleşiklerinde aýratyn seresap boluň: kimdir biriniň size bähbitsiz karary kabul etdirmäge synanyşmak ähtimallygy bar, şonuň üçin eger teklip sizde azajyk hem bolsa şübhe döredýän bolsa, ony kabul etmäge howlukmaň. Täze tanyşlaryňyzyň biriniň size basyş etmäge, öz erkini kabul etdirmäge synanyşmagy hem mümkin. Muňa wagtynda üns berip, garşylyk görkezmek möhümdir. Maliýe meseleleriňizde hem seresaplylyk artykmaçlyk etmez.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün öňden tanyş bolan işleriňize ünsüňizi jemlemek has gowudyr olar bilen has çalt baş alyp çykarsyňyz. Emma ýagdaýlar täze bir işe başlamagy talap edýän bolsa, has tejribeli hyzmatdaşlaryň goldawyny öňünden alyp, muny hem edip bilersiňiz. Gerekli netijäni çalt gazanmak üçin siziň öz bilimleriňiz ýeterlik bolman biler. Ýöne ýanyňyzda maslahatlaşyp biljek adamyňyz bolar.Şeýle-de bolsa, . siz ýakynlaryňyzyň goldawyny çalt alarsyňyz. Dostlar ýa-da uzakdan gelen garyndaşlar bilen duşuşyk örän oňat geçer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün köp zat siziň özüňizi dürsäp bilmegiňize bagly bolar. Öz güýjüňize bolan ynamyňyz saýasynda köne bäsdeşleriňizden üstün çykyp, işdäki ornuňyzy berkidip bilersiňiz. Şeýle-de, soňky wagtlar hem sizi hem-de ýakynlaryňyzy biynjalyk edip gelýän hojalyk meselelerini çözüp bilersiňiz.Şeýle hem işewür gatnaşyklar üçin bu gün örän möhümdir we öňden ynamyňyzy gazanan adamlara bil baglamaga çalyşyň.Emma täze tanyşlar hem erbet däl, ýöne olaryň size dogry düşünmezlikleri ýa-da möhüm pursatda öz bähbitlerini öňe sürmeklikleri mümkin.Günüň ikinji ýarymynda köp Seretanlarda işde ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitläp bilmek ukyby peýdaly bolar. Galanlar bolsa hemme zada ýetişjek bolup, netijede hiç zatsyz galmaklary mümkin.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Köne işleriňizi tamamlaýançaňyz, täze işlere girişmäň.Şeýle hem galmagallardan gaça duruň we öňden düzen meýilnamalaryňyza eýermäge çalyşyň. Iş bilen bagly bolan ähli meselelerde ownuk jikme-jikliklere örän ünsli boluň, ähli detallary öwrenmek üçin özüňize ýeterlik wagt goýuň.Eger nähilidir bir jedelli meseleler ýüze çyksa ýa-da ikuçly ýagdaýlar dörese, kimdir biriniň pikirine bil baglaman bolup geçýän zatlar barada öz garaýşyňyzy kemala getirmek möhümdir. Hatda elmydama bil baglamaga öwrenşen adamlaryňyz hem häzir ýalňyşyp, ýagdaýa nädogry baha berip ýa-da bir zatlary gözden düşürip bilerler. Köne işewür hyzmatdaşlaryňyz bilen gatnaşyklarda kynçylyklaryň döremegi, öňki agzalalyklaryň ýitileşmegi mümkin.
Bu gün size özüňize bolan ynamyňyz we tutanýerliligiňiz kömek eder. Kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin içki duýgularyňyza Intuisiýaňyza bil baglaň.Iş ýeriňizde täze mümkinçilikler döräp biler. Öz ukyplaryňyzy görkezmekden gorkmaň, ýöne şol bir wagtyň özünde töweregiňizdäki adamlaryň gybatlaryna ýa-da göripçiliklerine üns bermäň. Maliýe taýdan garaşylmadyk girdejileriň bolmagy ähtimal emma pullaryňyzy seresaply sowmak maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda söýgi gatnaşyklarynda dartgynlylyk bolup biler, şonuň üçin ýanýoldaşyňyz bilen sabyrly gürleşmek möhümdir. Gahar bilen aýdylan sözler soňra ökünç getirip biler. Ýakynlaryňyza wagt bölüň, olar siziň goldawyňyza mätäç bolup bilerler. Dostlar bilen duşuşmak size täze güýç we ruhy dynçlyk berer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Iş ýeriňizde täze pikirleri öňe sürmekden çekinmäň. Siziň üýtgeşik garaýyşlaryňyz hatda iň çylşyrymly meseleleriň hem aňsat çözülmegine sebäp bolar. Topar bolup işlemek we pikir alyşmak bu gün örän netijeli bolar. Maliýe taýdan garaşylmadyk kiçiräk girdejiler ýa-da amatly täze söwdalar bolup biler. Emma pul bilen bagly meselelerde aşa risk etmezlige we meýilnamadan çykmazlyga çalşyň.Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçirersiňiz. Täze we gyzykly adamlar bilen tanyşmak ähtimallygyňyz ýokary. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, ýanýoldaşyňyza has köp sypaýyçylyk we mähir görkeziň. Gatnaşyklarda emele gelen kiçijik düşünişmezlikleri aňsatlyk bilen aradan aýryp bilersiňiz. Siziň durmuşyňyza bolan täzeçe garaýşyňyz töweregiňizdakiler üçin ylham çeşmesi bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
