Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär.
Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilýän döwründe türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hem aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Energetika pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy.
Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bezirgen Garlyýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD “B” toparynyň talyby.
