JEMGYÝET

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) bilelikde geçirýän «Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly maslahaty geçirildi.

Maslahatda parlamentariler gender deňligini ilerletmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, gender zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylykda beýan edilmegi we gender aýratynlyklary göz öňünde tutýan inklýuziw kanunlar, durmuş taýdan goraglylyk we jogapkärçilik ulgamlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.

Maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça BMG-niň Ilat Gaznasynyň sebitleýin direktory Florense Bauer, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosi, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gazagystandaky wekili, Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy boýunça ýurt direktory Çinwe Ogbonna, Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň ýerine ýetiriji direktory Farruh Usmonow, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň wekili, CEDAW Komitetiniň agzasy Mariann Mikko, Gruziýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Pakistanyň parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem  Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Baş prokuraturanyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň diwanynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça BMG-niň Ilat Gaznasynyň sebitleýin direktory Florense Bauer, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosi, Malaýziýanyň ösümlik we sarp edijilik baradaky ministri, Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň zenanlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we gender deňligi baradaky hereket edýän komitetiniň başlygy Dr. Noraýni Ahmad çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklarynda gender deňligi babatda BMG-niň Ilat gaznasy we Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin «Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» boýunça gol çekilen Iş meýilnamasyna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek, kanunçylygy kämilleşdirmek, maşgala we ýaşlary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly işler alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyndaky işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen umumy strategiýanyň bir bölegidir.

Şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň 2024–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň gender deňligini üpjün etmek boýunça tagallalarynyň halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Munuň özi ýurdumyza zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň bilim, saglyk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary