JEMGYÝET

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalary, ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri onuň dowamynda hytaýly atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem bu baýramçylyk dabarasynyň çäginde guraljak ylmy-amaly maslahaty Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, sentýabr aýynda hem geçirip boljakdygyny belledi we şol maslahatyň çäklerinde isleg bildirýänleriň bu assosiýasiýanyň agzasy bolup biljekdiklerini aýtdy.

Mundan başga-da Arkadag şäherinde myhmanlar üçin bedewlere bagyşlanylan giňişleýin tanyşlyk gezelenjiniň guraljakdygyny nygtady we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar