TESWIRLER

Häzirki Zaman Pars Dilinde Türkmen we Türki Sözler

Pars dilinde gadymy tekstlerde duşýan sözler barlanylyp, gözden geçirilensoň, häzirki zaman pars dilinde ulanylýan türkmen/türki sözleri derňemek türkmen we pars diliniň arasyndaky semantik gatnaşyklary öwrenmek üçin peýdaly bolar diýip hasaplaýaryn.

Öňde belleýşimiz ýaly, türkmen we pars dilleriniň aragatnaşygy örän ir wagtlarda başlanypdyr. Gadymy tekstler barlananda iki diliň arasyndaky söz alyş-berşiniň biziň eramyzdan öňki döwürde başlanandygyny görýäris. Ýöne köp asyrlar dowam eden bu aragatnaşyk prosesinde bu dilleriň ikisinde-de, ylaýta-da fonetiki we morfologiki taýdan ägirt uly özgerişler bolupdyr. Pars diliniň ilkinji ösen ýeri Orta Aziýa bolandygyna ynanylýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, bilelikde ýaşaýan diller biri-birine täsir etmän bilmeýär.

Türki dillerde jynsy degişliligi görkezýän goşulmalar ýok. Ýöne hindi-ýewropa dillerindäki sözlerde jynsy degişlilik belli bolýar. Emma hindi-ýewropa dillerinden bolan pars dilinde-de jynsy degişliligi görkezýän goşulmalar ýok. Owganystanda ulanylýan, örän gadymy eýrany dillerden biri hasaplanýan puştu dilinde bolsa jynsy degişliligi görkezýän goşulma bar.

Häzirki zaman pars dili jynsy degişliligiň ýoklugy bilen türkmen/türki dillerine meňzeýär. Häzirki zaman pars dilinde we türki dillerde sada (ýönekeý) sözlemlerde sözlemi gurýan sözleriň tertibi-de meňzeş. Işlikleriň gurluşynda-da meňzeşlik bar. Bu meňzeşlikler uzak wagtlap bilelikde ösüp, biri-birine täsir eden dillerde gabat gelýär.

Biz bu ýerde türki/türkmen we pars dilleriniň biri-birine eden täsirlerini däl-de, olaryň biri-birinden alan sözlerini, ylaýta-da pars dilindäki türkmen/türki sözleri barlamakçy. Türkmen dilindäki parsça sözleri ozal derňäpdik. Gadymy parsça tekstlerde geçýän türki sözleriň-de gadymy türkmen/türki dillerinde aýdylyşyna görä sanawyny getirdik. Indi bolsa biz häzirki zaman pars dilindäki türkmen/türki sözleri okyjylara parsçada aýdylyşyna görä taýýarlanan sözlükde tanyşdyrmakçy.

Häzirki zaman pars dili bilen täjik we Owganystanda ulanylýan däri umuman bir dil bolsalar-da, olaryň arasynda beýleki käbir tapawutlar bilen birlikde fonetiki tapawutlar hem bar. Sözleriň aýdylyşy taýyndan däri we täjik dilleri biri-birine ýakyn. Ýöne pars dilinde sözleriň aýdylyşynda, tajik we däri dillerine garanyňda, fonetiki taýdan belli tapawutlar bar. Esasy tapawutlary aşakdaky ýaly şekilde görkezse bolar:

Däri we täjik dillerinde /u/ sesi pars dilinde köplenç /o/ sesine öwrülýär. Mysal üçin, täjik we däri dillerinde bulbul şekilinde aýdylan söz pars dilinde bolbol bolýar, täjik we däri dillerindäki “gül” manysyndaky gul sözi-de parsçada gol bolýar; şeýle-de tajik we däri dillerinde ulanylan “iki” manysyndaky du we turk sözleri-de pars dilinde, tertibine görä, do we tork bolýar. Täjik dilinde (özbekçede-de) uzyn /a:/ sesi /o/ sesine ýakyn bir sese öwrülýär. Tajikçede we däride käbir sözlerde uzyn /o:/ sesi-de häzirki zaman pars dilinde uzyn /u:/ sesine öwrülýär: do:st > du:st, po:st > pu:st (deri), go:şt > gu:şt (et) mysallaryndaky ýaly.

Täjik we däri sözlerinde käbir ýerlerde /i/ sesi parsçada /e/ sesine öwrülýär: “köňül” manysyndaky dil > del, “palçyk” manysyndaky gil > gel, “togalak” manysynda ulanylýan gird > gerd, arapça bismilla:h-da besmella:h we “emir beren” manysyndaky a:mirde a:mer bolýar. Tajik we däride ýöneliş-ugur goşulmasy bolan bi- pars dilinde be- şekilinde aýdylýar: bi-män > be-män (maňa), bi-tu > be-to (saňa), bi-o: > be-u: (oňa) mysallarynda bolşy ýaly. Türkmençe –syz/-siz goşulmasyny aňladýan we sözüň başyna goşulýan goşulma täjik we däri dillerinde be: bolsa pars dilinde bi: şekilinde ulanylýar: be:-näma:z > bi:-näma:z, be:-ka(o):r > bi:-ka:r ýaly. “Arslan” manysyndaky söz täjik we däride uzyn /e:/ sesi bilen şe:r bolsa, pars dilinde şi:r, “bir ýeriň asty, aşagy” manysyndaky ze:r-de zi:r bolýar.

Parsçada, arapçada ka:f ق harpy bilen görkezilýän ses ýokdur. Bu ses türkmen dilinde kowmak sözüniň başynda we soňunda bar; bu sesi, ýerine görä, (q), köplenç-de ḳ harpy bilen görkezýäris. Ka:f sesi, pars dilinde arapça ġaýn (ġ) غ harpy ýaly aýdylýar; muny-da (ġ) harpy bilen görkezýäris. Başgaça aýtsak, ady geçen iki harp pars dilinde diňe ġaýn harpynyň sesi bilen aýdylýar. Mysal üçin, tajik we däride qänd/ḳänd şekilinde aýdylýan قند sözüniň pars dilinde aýdylyşy ġänd bolýar. “Damja” manysyndaky qäträ/ḳäträ pars dilinde ġätre, qäläm/ḳäläm-de ġäläm (galam) bolýar. “Öldüren” manysynda täjik we däri dillerinde ulanylýan arapça söz qātil/ḳa:til, pars dilinde ġātel şekilinde aýdylýar. Türki qara/ḳara > ġara, täjik we däri dillerinde qärä/ḳärä, pars dilinde-de ġärä ýa-da ġära: şekilinde aýdylýar.

Parsça we däri hem täjik dillerinde käbir arapça sözleriň çekimlileri inçeldilýär: ‘Arab > Äräb, ġari:b > ġäri:b, ḥamma:l > hämma:l, ṣabr > säbr, ṭaraf > täräf, żarar > zärär, ẓarf “gap” > zärf we başgalar ýaly.

Şu ýerde arap elipbiýi bilen ýazylan pars we däri tekstlerinde arap dilinde çekimli sesleri belleýän elip, waw, ýa ا و ی harplarynyň, sözüň ortasynda we soňunda, tertibine görä, uzyn a /a:/, uzyn u /u:/ we uzyn i /i:/ seslerine öwrülýändigini nygtap geçeliň. Eýrany dilleriň fonetikasy çylşyrymly bir mesele. Şol sebäpden düşündirişlerimizi şular bilen çäklendirýäris.

Goňşy diller biri-birinden diňe söz almak bilen çäklenmeýärler, käwagtlar öz dilleriniň gurluşyny-da beýleki diliňkä utgaşdyrjak bolýarlar. Bu häzirki zamanda-da görülýän ýagdaý. Täjigistanyň demirgazygynda ýaşaýan halkyň gepleşiklerinde özbek diliniň täsirini görýäris. Olardan alnan şeýle bir sözlem bar: äz saät-i du-dän mäýlis sär şut. Bu sözlemde äz täjik dilinde atlaryň öňünden gelip, çykyş düşümi görkezýär. Bu sözüň özbekçesi +dän goşulmasy. Bu sözlemde äz saät-i du “sagat ikiden” diýmek. Şeýle-de bolsa oňa özbekçe çykyş düşümiň goşulmasy goşulypdyr. Mäýlis sär şut “oturyşyk (duşuşyk) başlady” diýmek. Sözlemiň bu bölegindäki sдr “baş”, şud-da “boldy” diýmek. Bu sözleriň ikisi bilelikde “başlady” diýmek. Bu ýerde-de semantik taýdan özbek diline meňzeşlik bar.

Deňeşdirme sypatlary üçin ulanylýan goşulma özbek dilinde +raq, täjik dilinde-de +tär. Bular-da tez-tär-raq we tez-raq-tär mysallarynda bolşy ýaly, bilelikde ulanylyp bilýärler. Kaşgaýy dilinde-de parsça +tär goşulmasy bilen sypatlarda üstünlik derejesini görkezýän we türkmen dilinde sözüň başynda gelýän iň bilen düşündirilen +täri:n goşulmasy-da kaşgaýça sypatlara goşulýarlar: sowuğtär, sowğtäri:n we böýüğtär, böýüğtäri:n mysallarynda bolşy ýaly (Soper, 1996: 293).

Ýöneliş düşümiň goşulmasy türkmen/türki dillerde, belli bolşy ýaly, adyň soňuna goşulýar, pars, täjik dillerinde bolsa bi+/be+ goşulmasy adyň başyna goşulýar, mysal üçin, öýe diýiljek bolsa bi-xa:nä diýilýär. Özbekleriň arasynda ýaşaýan käbir täjikler xa:nä-bi diýýärler.

Bu ýagdaýy türkmen diliniň gepleşiklerinde-de görmek bolýar. Akgalaly merhum Seýdi Bagşy, Nejep Oglan dessanyna başlanda, “Gadym zamanda” diýmegiň ýerine, onuň başyna parsça wagt-orun düşüminiň sözüň başynda gelýän där goşulmasyny goşup, “Där gadym zamanda…” diýip, dessana başlaýardy.

Pars dili hindi-ýewropa diller toparyna degişli. Bu toparda san bilen onuň yzyndan gelýän sözüň arasynda, birlik sanmy ýa köplük san, sazlaşyk bolmaly; meselem: bir adam, iki adamlar, üç adamlar; hem-de sözlerde jyns degişliligi bolmaly. Pars dilinde bular ýok. Şulary göz öňünde tutanyňda türki diller bilen bir meňzeşlik, parallellik bar ýaly bolup görünýär. Sintaksis taýdan-da ýönekeý sözlemlerde, öňde aýdyşymyz ýaly, sözleriň tertibi meňzeş. Mysal üçin, türkmen dilinde: (1. Men) (2. bu gün) (3. öýden) (4. ba:zara) (5. gitdim.) diýsek, bu sözlemiň pars diline terjimesi şeýle bolýar: (1. Män) (2. emru:z) (3. äz xa:ne) (4. be-ba:za:r) (5. räftäm). Görnüşi ýaly, sözleriň tertibi iki dilde-de des-deň.

Ylmy barlaglarda köplenç türkmen we käbir türki dilleriň pars dilinden alan sözleri derňelýär we şol barlaglarda, adatça, türki dilleriň pars dilinden köp söz alandygy aýdylýar. Ýöne pars dilindäki türkmen/türki sözleriň sany-da az däl. Gadymy parsça tekstlerde gabat gelýän türkmen/türki sözleriň sany iki müňden gowrak. Türkmen/türki sözler häzirki zaman pars dilinde-de az däl. Gadym tekstlerdäki türkmen/türki sözleri gadymy türki okalyşyna laýyklykda ýazypdyk. Bu bölümde hödürlenjek häzirki zaman pars diline geçen türkmen/türki sözler bolsa olaryň bu günki pars dilinde okalyşyna hem-de aýdylyşyna görä ýazyldy.

Başda belleýşimiz ýaly, arap elipbiýi türkmen we türki sözleriň fonetikasy üçin ýeterlik däl. Pars dilinde arap elipbiýi bilen ýazylan sözler käwagtlar bütinleý üýtgeýär we parsça meňzäp gidýärler. Türki sözleriň köpsiniň orfografiýasyny türki dilini gowy bilmeýän adamlar ýazan bolmaly. Bu ýagdaý, ylaýta-da geografik atlarda örän çylşyrymly ýagdaýlary döredýär. Çünki häzirki döwürde Eýranda türki oba atlarynyň latyn harplar bilen transkripsiýasy ýazylanda hiç bir düzgün saklanylmaýar — göz sözi goz, gu:z we gowz ýaly üç görnüşde ýazylýar; üç sözi hem u:ç hem-de owç görnüşlerde ulanylýar; uzun/uzyn sözi-de hem u:zän, hem owzän görnüşinde ýazylýar. Bu ýagdaý olary öwrenmekde kynçylyk döredýär.

Bu sözlükde Eýrandaky türki kökli toponimler, ýagny ýer-ýurt, oba, şäher atlary dil, sözleriň gelip çykyşy taýdan derňeldi. Kitapda, esasan, obalaryň atlary we olaryň haýsy şäherlere baglydygy ýazyldy. Bu meselede käbir nätakyklyklar gabat gelip biler, çünki obalaryň baglanylan şäherleri wagtal-wagtal üýtgedilýär. Eýrandaky türkmen/türki atlar bilen bagly toponimika meselesinde aýtmaly zat, olarda köp sanly arhaizmleriň duşýandygy hem-de bu toponimleriň türkmenleriň häzirki döwürde oturymly ýerlerinden has uzaklarda hem gabat gelýändigidir. Bu taryhy-geografiki taýdan alanyňda, örän gyzykly faktlardyr.

Käbir türkmen/türki sözler, pars diline girensoň, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, pars diliniň fonetika we morfologiýa düzgünleri boýunça tanap bolmajak derejede üýtgäpdir. Bu sözleriň gelip çykyşy we olaryň gurluşy barada düşündiriş berildi. Düşündirişi aňsatlaşdyrmak üçinem bütin türkmen/türki sözleriň parsça ýazylyşyny görkezdik. Soňunda +başi: < başy we çi: < +çi/çy goşulmasy bolan türki we türki bolmadyk köp sanly sözler-de bu sözlüge alyndy. Bütin sözleriň sanawy-da türkmen elipbiýiniň tertibine görä düzüldi. Sözleriň gelip çykyşyny görkezýän (<) görnüşindäki alamatdan soňra gelen sözler türkmen elipbiýi bilen däl-de transkripsiýa elipbiýi bilen ýazyldy.

Bu sözlükde Eýranyň türki atly obalaryna-da ýer berildi. Bu türki sözleriň transkripsiýasy internetde bar bolan parsça resmi transkripsiýa esasynda ýazyldy. Aşakdaky sözlükdäki sözler, bibliografiýada görkezilen parsça-parsça, parsça-inlisçe we iňlisçe-parsça sözlüklerden hem-de internetdäki çeşmelerden alyndy. Türki sözler pars dilinde aýdylyşy ýaly ýazyldy, manylary-da pars dilinde bolşy ýaly düşündirildi.

 

“SÖZ KÖKÜMIZ – ÖZ KÖKÜMIZ” kitabyndan Awtoryň razylygy bilen alnandyr. 

Ýusup AZMUN,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureýaty,

dilçi we edebiýatçy alym, professor.

Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.

Ýene-de okaň

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”

”Kaýda Watan ýurduň gardaş Abdylla”

Ata Watan Eserleri

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir