SIZDEN GELENLER

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik — amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak ýaly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Mysal üçin, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” Kanun halkymyzyň medeni-milli özboluşlylygyny saklap galmaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi we ösüşi hakyndaky maglumatlaryň çeşmelerini ygtybarly goramaga bolan hukugyny üpjün edýär.

“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem umumylaşdyryjy hem-de esas düzüji häsiýete eýedir. Bu Kanun medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýar, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

“Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýen halk pähimi bar. Milli medeni däpleriň müdimiligi we dowamatlylygy, olaryň dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen sazlaşygy hut taryhy hakyda bilen düşündirilýär. Keçe sungaty türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda aýratyn orun tutýar.

Türkmen zenanlarynyň başarjaň elleriniň ajaýyp sungaty bolan keçeler biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr.  Bu sungat  halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň gadymy kökleriniň nyşanydyr. Keçe sungatynyň taryhy barada Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda has anyk we baý maglumatlar saklanýar.

Keçeçilik sungaty we onyň taryhy, il içinde bu medeni mirasymyzyň eýeleýän orny  barada Türkmenistanyň  taryh we etnografiýa ulgamynda iş alyp barýan alymlarymyzyň hem ençeme ylmy işleriniň bardygyny bellemek gerek. Has irki döwürlerden bäri türkmen keçesi  diňe bir haryt däl, eýsem halkyň gündelik durmuşynda peýdalanan iň möhüm öý goşy bolup hyzmat edipdir. Irki wagtlarda maşgalada çyglanan keçäni tomus paslynda sowujak saklamak maksady bilen süýt-gatyk saklanýan golçalaryň daşyna dolapdyrlar, gyş paslynda olar guryagyry, bilagyry, böwrek agyry kesellerini bejermekde hem giňden ulanylypdyr. Mundan başga-da aýagy ýyly saklamak üçin keçe bölejikleri  aýakgaplaryň içine kesilip goýlupdyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda güllenip bezelen keçe önümleri türkmen milletiniň törüni bezäp gelipdir. Türkmen keçe sungatyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyz baradaky atalyk kitaplary, miras öwreniji alymlaryň keçe senedi baradaky kitaplary, ylmy işleri, şeýle-de ene-mamalarymyzyň keçe taýýarlamak barada beren gürrüňleri esas bolup hyzmat edýär. Munuň üçin keçe taýýarlamakda peýdalanylýan ýüňleriň aýratynlygy, ýüň saýmak işi, ýüňleriň boýalyşy, ýüň darakda ýüňüň daralyş usuly, pişge taýýarlamagy barada ylmy maglumatlar toplanyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyza, gymmatlyklarymyza we sungatymyza aýratyn üns bermegi bilen, ony dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň kesp-kärini dowam etdirip, keçäniň dürli görnüşlerini taýýarlamakda uly işler amala aşyrylýar.

Ogulşirin Agalykowa,

Türkmenistanyñ Döwlet medeniyet merkeziniñ Döwlet muzeyiniñ ylmy işgäri

Ýene-de okaň

Türkmenistan taryhy mekan

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…