DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly B.Kabaýewiň (Mazary-Şarif ş.) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.

Related posts

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana sapary guralar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň gümrük edaralarynyň zenan işgärleri Taýland Patyşalygynyň tejribesi bilen tanyşdylar