DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) M.Maşalow bu ýurduň DIM-niň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy.

Tailand tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşykda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi