DÜNÝÄ

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de 2025-nji ýylyň jemlerine ýokary baha berip, ony türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhynda täze, aýdyň sahypa hökmünde bellediler. Geçen ýylyň ýokary derejedäki özara saparlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyşmalaryň işjeň ösdürilmegi bilen tapawutlanandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. Energetika, ulag (şol sanda Orta geçelgäniň çäklerinde), söwda we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň işjeň pugtalanýandygy nygtaldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylda Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forumlar, duşuşyklar we beýleki çäreler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna aýratyn ähmiýet berildi. Azerbaýjanyň bu hyzmatdaşlyk formatynyň doly hukukly agzasy hökmünde ilkinji gezek gatnaşmagynyň sebit hyzmatdaşlygyny we dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär