BILIM

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär.
Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:

  • – hukuk fakulteti;
  • – ýörite edaralar fakulteti;
  • – ýangyn-tehniki fakulteti;
  • – içerki goşunlar fakulteti.

Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň ýanyndaky Okuw merkezinde 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2056-njy (Ş.Batyrow) köçesiniň 9-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-45-17, 36-44-97.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy