BIZNES

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar

Çarşenbe güni, 7-nji ýanwarda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle-de, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan kökini we kök baldaklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Gyrgyzystanly telekeçiler türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Dokma senagaty ministrliginden ýerli işewürler nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 171 920 000,00 manada we 3 631 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 61 geleşik baglaşyldy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler