BIZNES

Türkmenistan Owganystanda elektrik taslamasyny amala aşyrar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan» elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglanyşmaga ygtyýar berildi.

 

 

Merkez saýlaw toparynyň baÅŸlygy Myradow: Prezident saýlawlary barada…

Related posts

Azerbaýjan Italiýa 10 mlrd kubmetr tebigy gaz iberer

Türkmen Lider, Anayasa Anıtı’na ve Mahtumkulu Firaki Heykeline çelenk koydu

vepa

Türkmenabatda merkezi bazar ulanyşa berildi

Ata Watan Eserleri