Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün işjeňlik bilen birlikde içki dartgynlylyk hem duýulyp biler. Iş ýeriňizde sizden ýokary derejede üns we jogapkärçilik talap ediler. Güniň ikinji ýarymynda öň başlan işleriňizi tamamlamak üçin amatly pursatdyr. Şahsy gatnaşyklarda bolsa, howlukmaç işlerden saklanmak zerurdyr. Maddy meselelerde töwekgelçilikli ädimlerden gaça durmak maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Gün asuda ýagdaýda geçer. Durnuklylyk we ynam siziň esasy artykmaçlygyňyz bolar. Iş bilen bagly täze teklipler ýa-da meýilnamalar ýüze çykyp biler, ýöne olaryň üstünde oýlanyşykly işlemek möhümdir. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryňyz has-da berkeýär. Saglygyňyza üns berip, dynç almaga wagt tapyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün gepleşikler we duşuşyklar köpelip biler. Siz öz pikirleriňizi aňsatlyk bilen beýan edip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, artykmaç wada bermekden saklanyň. Maliýe meselelerinde seresap boluň, ownuk çykdajylar artmagy mümkin.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün duýgurlygyňyz güýçlener. Şeý hem ýakyn adamlaryňyzdan goldaw alarsyňyz. Maşgala bilen bagly meseleleriňizi üstünlikli çözersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda maddy girdejileriňiz ýokarlanar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün deňagramlylyk siziň üçin aýratyn möhümdir. Işde we şahsy durmuşda oňyn tendesiýalary tapmak zerur bolar. Günüň ikinji ýarymynda jedelli ýagdaýlardan gaça durmak maslahat berilýär. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, ýumşaklyk we sabyrlylyk oňyn täsir eder.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Içki duýgurlygyňyz güýçlener. Gizlin maglumatlar ýa-da öň bilinmedik ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Işde seresaplylyk we ünslilik zerurdyr. Maliýe meselelerinde howlukmaň, ähli zady ölçerip görüň.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Okuw, syýahat ýa-da täze taslamalar bilen bagly pikirler üstünlikli bolup biler. Dostlar bilen aragatnaşyk ruhy ýagdaýyňyzy gowulaşdyrar. Şeýle-de bolsa, wagtyňyzy dogry paýlamaga çalyşyň.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün jogapkärçilikli we öndürijilikli geçer. Işde siziň zähmetsöýerligiňiz we sabyrlylygyňyz möhüm rol oýnar. Maşgala bilen bagly meselelerde düşünişmek zerurdyr. Agşam sagatlary dynç almak maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Döredijilik ukybyňyz artar. Täze, adaty bolmadyk pikirleriňiz üstünlik getirip biler. Dostlar bilen duşuşyklar we gepleşikler size ruhy kuwwat berer. Maliýe taýdan ownuk çykdajylara üns beriň.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün asuda geçer. Özüňiz bilen ýüzbe-ýüz galmak, geljek üçin meýilnama düzmek peýdalydyr. Duýgudaşlykda artykmaç ynanjyň öňüni alyň. Ruhy dynç alyş size gowy täsir eder.
