JEMGYÝET

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

“Napoli” futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy. Finalda “Bolonýa” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Italiýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşlar  Saud Arabystanynda geçirildi. Final duşuşygy Er-Riýaddaky “Al-Awwal Park” stadionynda geçirildi. Baş emin hökmünde Andrea Kolombo çykyş etdi.

“Napoliniň” hüjümçisi Dawid Neres duşuşygyň 39-njy minutynda hasaby açdy. Ikinji ýarymda Neres dubl edip, 57-nji minutda ýene bir gol geçirdi.

Italiýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda “Napoli” “Milan” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi, “Bolonýa” bolsa “Interden” güýçli boldy (1:1, penaltilerde 3:2).

Belläp geçsek, Italiýanyň Superkubogynda iň köp ýeňiş gazanan klub Turiniň “Ýuwentus” toparydyr — bu kubogy dokuz gezek gazandy.

Related posts

Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa Awazada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy

Italiýada 17 ýaşly bloger tagtyň mirasdüşeri boldy