DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa we Günorta Koreýanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy Daşkentde geçiriler

15-nji dekabrdan 17-nji dekabra çenli Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji mejlisi geçiriler.

Çäräniň esasy maksady ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge goldaw bermek, parlamentara gepleşikleri çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakdyr.

Umumy mejlis “Adam mertebesi, durmuş adalaty we daşky gurşawy goramak üçin hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçiriler we ýakyn geljek üçin sebitara özara hereketiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlär.

Maksatnamanyň çäginde iki sany mowzuklaýyn sessiýa geçirmek meýilleşdirilýär: birinjisi – “Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly özgerişlik we senagat: sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna ýetmegiň ýollary”, ikinjisi – “Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde parlamentleriň orny”.

Mundan başga-da, öňdebaryjy kanunçylygy öwrenmek, şeýle hem analitiki merkezleriň we ylmy toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek maksady bilen, parlamentara komissiýalaryň we dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny berkidýän Bilelikdäki Beýannama kabul etmek meýilleşdirilýär.

Bu formatdaky ilkinji duşuşyk 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Seulda, ikinjisi bolsa 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabatda boldy.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi