TEHNOLOGIÝA

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Hytaýyň Hanžou şäheriniň Binjiang etrabynyň Binşeng köçesiniň ugrunda dekabr aýynyň 1-de emeli aň arkaly dolandyrylýan robot polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işini amala aşyrdy.

Robot polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň amala aşyrýan işlerini ýerine ýetirip, köçelerdäki düzgün bozulmalary seljerýär, köçeden geçmek üçin rugsat berilmedik ýerlerden geçýän pyýadalary anyklaýar, köçelerde ýüze çykýan bidüzgünçilikleri duýduryş sesi arkaly habar berýär.

Binjiang etrabynyň ýol polisiýasynyň bölüminiň habar bermegine görä, robotyň hereketleri polisiýa işgärleriniň hereketleri esasynda öwredilip, onuň emeli aň modeli bolsa hakyky ýol geçelgelerinde üznüksiz ýagdaýda kämilleşýär.

Robot ilkibaşda birnäçe funksiýalar boýunça iş alyp barýar we geljekde onuň funksiýalary artdyrylar.

Bu robot dolulygyna Hangzhou şäherinde ýol polisiýasy bilen ýerli tehnologik kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy arkaly döredildi. Oktýabr aýyndan bäri robot birnäçe ýol çatrygynda synagdan geçirildi.

Mundan başga-da, Hanžou ýol gözegçiligi gullugy geljekde şeýle robotlary taýýarlamagy we doly robot polisiýa toparyny döretmegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy