MEDENIÝET

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Germaniýadan bolan Pumukkel atly at dünýäde iň kiçi at diýlip ykrar edildi. Bu kiçijik taý Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Pumukkel atyň boýy bary-ýogy 52,6 sm. Rekordlary hasaba alyjylarr onuň özüni on esse ulurak bolup biljek haýwan ýaly ynamly duýýandygyny belläp geçdiler. Öňki rekord Polşadan bolan Bombel atly ata degişli bolup, onuň boýy 56,7 sm.

Pumukkel aty eýesi Karola Waýdeman bolup, bu taýjagazy özüniň athanasynda saklaýar.

«Pumukkel maňa 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geldi. Şonda ol bary-ýogy bäş aýlykdy we, ynanýaňyzmy ýa-da ýok, onuň boýy bary-ýogy 47 sm (santi metr) we agramy 20 kg-dan geçmeýärdi öýdýän», — diýip Waýdemann belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş