MEDENIÝET

Aşgabatda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” kinoteatrynda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçirilýär. Bu medeni çäräniň guramaçylary bolup, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär.

Ýapon filmleriniň festiwalynyň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Medeniýet ministrligine iki ýurduň halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga goşant goşýan döredijilik forumyny gurnamaga beren ýakyn goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçi festiwalyň çäklerinde görkeziljek filmleriň ýapon medeniýeti, durmuşy we taryhy barada has köp gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirip, bu filmleriň esasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň dost-doganlygynyň has-da berkejekdigini aýtdy.

Film festiwaly “Asmandaky restoran” filminiň görkezilmegi bilen başlady. Bu filmde Hokkaýdo adasynyň aşhanasynyň aýratynlykly taraplary açylyp görkezilýär. Ýapon režissýory Ýesihiro Fukagawynyň bu filmi 2019-njy ýylda uly ekranlarda görkezilip başlandy.

Ýapon filmleriniň festiwaly 15-17-nji dekabrda Aşgabatda, 23-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi