MEDENIÝET

Gyrgyz Respublikasynda “Pyragy” atly oýun görkezildi

Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy.

Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy.

Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň başlangyjy bilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp goýuldy. Oýny goýan režissýor Urmatkan Meläýewa.

Bu çäre türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi mynasybetli daşary ýurtda gurnalan ilkinji teatr oýny bolup durýar.

“Pyragy” atly oýnuň Gyrgyzystanyň adyndan şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçiriljek IV halkara teatr festiwalyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmenistanda geçirilen teatr bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment