«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary yzygiderli tapgyrma-tapgyr ornaşdyrmak kesgitlenilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bolsa hünär okuwynyň netijeliligine döwlet derejesinde uly ünsüň berilýändigini görmek bolýar.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, şonuň ýaly-da dünýäniň öňdebaryjy ylym we bilim merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär.
Islendik ýurtda gazanylýan ykdysady üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hem şol döwletiň ylmy derejesine baglydyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde-de, bu günki ylymly ýaş nesillerimize daýanyp, ýurdumyzyň aýdyň geljegine, eşretli ertirlerine bolan ynamymyz has-da artýar. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda Türkmenistanyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň bilim derejeleriniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen, olara işi sanly tehnologiýalaryň üsti bilen dolandyrmagyň inçe usullary öwredilýär. Bu başlangyçlaryň netijesinde, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary işine ezber hünärmenler bilen üpjün edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlaryň dürli hünärlerden baş çykarmaklary, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi. Şolaryň hatarynda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň wideoaragatnaşyk arkaly daşary döwletleriň tejribeli mugallymlarynyň umumy sapaklaryna yzygiderli gatnaşmaklary, olaryň ylym ulgamynda ýeten sepgitlerini içgin öwrenmäge çalyşmaklary dünýäniň ösen tejribesiniň ýurdumyzyň pudaklaryna ornaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky amala aşyrylýan şeýle asylly işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalarynyň aýdyň nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy we medeni ösüşler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem bu günki gün ýaş nesli şeýle mukaddes gymmatlyklar esasynda terbiýelemek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr, berkarar ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň ýurtda amala aşyrýan syýasy-ykdysady özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň ösmegine, güllemegine oňyn mümkinçilikler döredildi. Beýik ösüşlere buýsanýan ildeşlerimiziň ruhunda täze-täze sepgitlere ýetmäge ymtylyş, hyjuw güýçlendi. Watan diýen beýik düşünjäniň mukaddesligi we egsilmez many-mazmuny bizi şeýle bagta ýar eýläp bilýändigi üçin ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga hem uly üns berilýär. Türkmenistanda ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Mekdepleriň okuw serişdeleri bilen üpjünçiligi we okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, okuw kitaplarynyň täzeleriniň, okuw-usuly serişdeleriniň elektron göterijilerde taýýarlanylmagy, bilim ojaklarynda sanly ulgam üçin döredilen bilim portallary okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzda bilim berlişiniň derejesi ýokarlandyrylýar, kompýuterleriň, multimedia we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy işjeňleşdirilýär, dünýä tejribesi öwrenilýär. Bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde döwrebap ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň tejribesinde milli bilim ulgamynyň usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar. Dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, internet olimpiadalarynda, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýelemegi başarýan mekdep okuwçylarymyzyň sany barha artýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ähli ösüşlerimiziň binýadyny düzýär. Biz bu gymmatly baýlygymyz arkaly Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurýarys. Şoňa görä-de, biz geljekde hem ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly nesilleri terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederis» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri milli bilim ulgamynyň ähli işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Jeren Muradowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
