Amerikada 40 günden gowrak dowam eden, “shutdown” diýip atlandyrylýan hökümetiň ýapylmak ýagdaýyny aradan aýyrmak baradaky kanunçylyk taslamasy, 2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen ses berişlikde Amerikan Senatosy tarapyndan kabul edildi.
Bu kanunçylygyň güýje girmegi üçin, onuň indi Wekiller palatasy tarapyndan hem tassyklanylmagy we soňra Prezident Donald Tramp tarapyndan gol çekilmegi zerurdyr.
Green Kart programmasyna täsir edermi?
Mälim bolşy ýaly, Green Kart (Diversity Visa) programmasy boýunça arza tabşyryş (DV) döwri adatça her ýylyň oktýabr aýynyň başynda başlanýar we noýabr aýyna çenli dowam edýär.
Emma bu ýyl, ýagny DV–2027 programmasy üçin arza tabşyryş döwrüniň häzire çenli yglan edilmezligi ünsleri özüne çekdi.
Resmi taýdan sebäbi görkezilmese-de, bu yza galmanyň iki mümkin sebäbi barada seljerme edilýärdi:
– Sentýabr aýynda girizilen 1 dollarlyk arza tabşyryş tölegi
- hökümetiň ýapylmagy ýagdaýy (shutdown).
Daşary işler ministrliginiň resmi beýanaty
ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi (U.S. Department of State) 5-nji noýabrda gysga beýanat çap etdi.
Şonda ministrlik DV–2027 programmasynyň başlanjak senesiniň mümkin bolan iň gysga wagtda yglan ediljekdigini aýtdy.
Ministrlik şeýle hem bu üýtgeşmeleriň saýlananlaryň wiza arza tabşyryş möhletine täsir etmejekdigini mälim etdi.
Şeýlelikde, DV–2027 utanlara wiza arza tabşyryş döwri öňküsi ýaly 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli dowam eder.
Wiza bülteni hem entek çykmady
Şu wagta çenli 2025-nji ýylyň dekabr aýy üçin wiza bülteni hem heniz resmi saýtda elýeterli edilmedi.
Oktýabr we noýabr aýlary üçin çykarylan bültenlerde bolsa, DV–2027 üçin arza tabşyryş döwrüniň ýakyn aýlarda yglan ediljekdigi bellenip geçilipdi.
Netije
Umuman aýdanyňda, Amerikan Senatynyň hökümet ýapylmagyny bes etmek baradaky kanunçylygy kabul etmegi, ýurduň federal edaralarynyň işine täsir edýän ýagdaýy gowulandyrdy.
Eger kanunçylyk Wekiller palatasyndan hem geçip, Prezident Tramp tarapyndan gol çekilse, hökümet ýapylmak ýagdaýy aradan aýrylar.
Şeýle ýagdaýda, DV–2027 programmasynyň hem gysga wagtda yglan edilmegine garaşylýar.
Täze maglumatlary ilkinji bolup almak üçin, www.atavatan-turkmenistan.com saýtyny yzygiderli yzarlaň.
Şeýle hem Atavatan Turkmenistan applikasiýasyny Google Play we App Store arkaly ýükläp alyp bilersiňiz.
