BIZNES

Türkmenistan Eýranda eksport harytlarynyň sergisini geçirer

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda işewür hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak babatda anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Demirgazyk Horasan welaýatynyň işewür wekiliýeti 2025-nji ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň  sergisiniň ýokary derejede geçirilendigini bellediler. Şeýle hem myhmanlar Bojnurd şäherinde sergi geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek üçin Bojnurd şäheriniň geografik ýerleşişiniň hem logistika tarapdan amatly boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşykda eksport, import amallary, online, offline görnüşdäki iş meýdançalary döretmek we önüm öndürijileriň maglumatlaryny ýerleşdirmek baradaky tekliplere hem garaldy.

Taraplar iki ýurduň söwda-yksady işewür hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler