DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýeti ähtnama gol çekişdi

30-njy sentýabr bilen 4-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «Global Rail» atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Dabi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Serginiň halkara taslamalary pawilýonynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz halkara taslamalaryny we ulag düzüminiň üstünliklerini görkezdi.

Çäräniň birinji gününde BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suhail Mohammad Al Mazrui Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýetini kabul etdi. Türkmenistan bilen Emirlikleriň arasyndaky demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikleri belläp geçdi.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnama demir ýol taslamalaryny daşary ýurtlarda amala aşyrmaga degişli bolup, taraplaryň bilelikdäki hereketlerini, iki ýurduň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmagy, şeýle hem özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýar.

Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň demir ýol edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esasy döredýär we daşary ýurtlardaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maýa goýumlary çekmek boýunça yzygiderli işlemäge mümkinçilik berýär.

Soňra «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Şadi Malak bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda daşary ýurtlardaky demir ýol taslamalary we olaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Şadi Malak oktýabr aýynyň birinji ýarymynda «Etihad Rail Company»-niň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana iş sapary bilen gelmegi meýilleşdirýändigini habar berdi, şeýle hem Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky demir ýol pudagyndaky özara hereketleriň ýokary derejesi we gysga wagtda gazanylan uly üstünlikler bellenilip geçildi.

«Global Rail» atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň jemgyýetçilik işleri ministriniň demir ýol ulaglary boýunça orunbasary Muhammed Işak Sahibzade bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň arasynda hem ikitaraplaýyn duşuşyk boldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ýük akymyny artdyrmak we ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy Turgundy stansiýasynda gurulýan ammar toplumynda işleriň işjeň alnyp barylýandygyny belläp, türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Mundan başga-da, ilkinji nobatda ynsanperwer häsiýete eýe bolan Turgundy-Hyrat demir ýol taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi Hyrat welaýatynyň millionlarça ýaşaýjysyny elýeterli azyk harytlary we ilkinji zerurlyk harytlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Bu taslama diňe Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir.

Mundan soň, “Abu Dhabi Development Fund” guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Raşed Muhammed Al Kaabi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda demir ýol taslamasynyň maliýeleşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Muhammed Al Kaabi taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri boýunça öz pikirini aýtdy we olara maliýe goldawyny bermek mümkinçiligini garamaga taýýardygyny habar berdi.

Ýene-de okaň

Dokuz aýda 134 halkara resminama baglaşyldy

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi

Türkmenistan Saud Arabystanyna hem-de BAE täze ilçi belledi

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Moskwa şäherinde möhüm senelere bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri