DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky dialoga gatnaşdy

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energitika dialogy geçirildi.

Agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde energitika babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Dialoga gatnaşyjylar sebitde uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bilen, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebit ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Dünyanın en büyük kargo uçağı Mari havalimanına indi

vepa

GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine syn etmäge girişdiler

Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler

Ata Watan Eserleri