JEMGYÝET

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen «Altyn minbar» atly XXI Kazan halkara kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy. Bu film halkara kinofestiwalyň “Russiýa-Yslam dünýäsi” boýunça baş baýraga mynasyp boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 5-9-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda «Altyn minbar» atly XXI Kazan halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu abraýly kinofestiwalynda Türkmenistan döwletimize  “Daragt” hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi wekilçilik etdi.

“Daragt” çeper filmini surata düşüren režissýor Sahysalyh Baýramow hem-de “Magtymguly Pyragy” çeper filmi režissýory – meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow hem Kazan kinofestiwalyna gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşyna bagyşlanan bu film halkara kinofestiwalyň “Russiýa-Yslam dünýäsi” boýunça baş baýraga mynasyp boldy.

67 döwletden 800-den gowrak dürli görnüşdäki filmleriň hödürlenen abraýly kinofestiwalyna 22 döwletden 54 çeper filmiň saýlany alynmagy, şolaryň hatarynda Türkmenistan döwletimiziň hem bolmagy ýurdumyzda kino sungatyna berilýän uly ähmiýetiň özboluşly nyşanydyr.

Türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» (2023 ý.) atly çeper filmi festiwalyň başlanan güni Kazanyň “Mir” kinoteatrynda tomaşaçylara ýetirilipdi.

Festiwalyň ahyrky gününde bolsa, türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň «Magtymguly Pyragy» atly bilelikdäki çeper filmi “Rodina” kinoteatrynda görkezildi.

«Magtymguly Pyragy» atly bilelikdäki çeper film 2024-nji ýylda ýurdumyzda giňden bellenilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilipdi.

 

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy