JEMGYÝET

«ILAT ÝA­ZU­WY — 2022» bäsleşigi

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişe görä, Türk­me­nis­ta­nyň Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de «2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­na ba­gyş­la­nan iň go­wy ny­şan (emb­le­ma) we iň go­wy şy­gar» at­ly BÄS­LE­ŞIK yg­lan ed­ýär.

Bäsleşige fiziki şahslar (Türkmenistanyň raýatlary we ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan beýleki adamlar), şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bellige alnan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli ýuridik şahslar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň çäginde atlary agzalan görnüşleriň her biri üçin pul sylagy bellenilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin «Ilat ýazuwy — 2022» diýen temany görkezmek bilen, elektron poçta arkaly ýa-da adaty poçtanyň üsti bilen arzalar 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 15-nji dekabryna çenli aşakdaky salgylar boýunça kabul edilýär.

Elektron hatlar üçin: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (Türkmenstat@ online.tm). Poçtanyň üsti bilen ibermek üçin: 744000, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 100-nji jaýy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-27-62, 39-27-53, 39-27-90, 39-27-74 (iş wagty 9:00-dan 18:00-a çenli).

Bäsleşige iberilen materiallar yzyna gaýtarylmaga we olar üçin töleg geçirilmäge degişli däldir.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Moskwada beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenbaşyda “Kenar” sorujy bekedi we suw süýjediji desga gurlar