SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň waksinasyndan hoş habar

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beren beýanatyna görä, “COVID-19” koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymynyň 90 göterimden gowrak täsirlidigi mälim edildi.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň garamagyndaky ylmy-barlag institutynyň müdiri Oksana Drapkina bu barada eden çykyşynda, “Sputnik V” sanjymynyň çäklerinde amala aşyrylan köpçülikleýin sanjym maksatnamasynda sanjym edilen raýatlaryň gözegçilikde saklanýandygyny we sanjymyň olarda täsirlerine ýakyndan gözegçilik edilýändigini belledi.

Ol sanjymyň täsiri 90%-den gowrakdygyny belläp, munuň örän gowy habardygyny mälim etdi.

SANJYMYŇ BAHASY 19,5 DOLLAR

Şeýle hem ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy bilen Germaniýanyň “BioNTech SE” laboratoriýasynyň bilelikde taýýarlan sanjymynyň hem 90 göterim täsirlidigi bellenildi. Iki kompaniýanyň bilelikde satuwa çykarjak waksinasynyň dozasynyň bahasynyň 19,5 dollar boljakdygy mälim edildi.

Bu iki kompaniýa ýakyn wagtda “BNT162b1” atly waksinasyny hasaba almak işini amala aşyrmaga girişer.

“Pfizer” kompaniýa  iýul aýynda ABŞ hökümeti bilen 1,95 milliard dollarlyk şertnama baglaşypdy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Related posts

Monreal — jahankeşdeleriň söýgüli şäheri

Aşgabatdan Dubaýa hepde 2 gatnaw amala aşyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan daşary ýurtlara okamaga gitjek talyplara sanjym eder

Ata Watan Eserleri