BIZNES

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 1–10-njy oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja emirliginde Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler.
Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE), Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnalýar.
Forum häzirki zaman söwda we senagat ugurlaryndaky täzelikleri ara alyp maslahatlaşmak, sebitde işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de täze hyzmatdaşlary tapmak üçin netijeli meýdança bolar.
Çäräniň maksatnamasynda öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda panel çykyşlary, üstünlikli işewür taslamalarynyň tanyşdyrylyşy, şeýle hem eksportyň ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite sessiýalar göz öňünde tutulýar.
Forumda innowasiýalaryň halkara söwda hem-de senagat pudagyna täsiri we durnukly ösüş ýaly meseleler esasy üns merkezinde bolar. Foruma gatnaşyjylar öz işini ösdürmek üçin çäräniň dowamynda anyk maslahatlary we peýdaly maglumatlary alyp bilerler.
Guramaçylar forumyň gatnaşyjylaryna Ýakyn Gündogar bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýarlar.

Related posts

Russiýa Hytaýa tebigy gaz ibermek mümkinçiligi artdyrýar

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler

Gök reňkdäki göwher satyldy

Ata Watan Eserleri